Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Soňra Dawut ogly Süleýmana öýüň eýwanynyň, jaýlarynyň, hazynalarynyň, üstküdir içki otaglaryň, Äht sandygyň gapagynyň nusgasyny berdi. olary Hudaýyň adamy bolan Ýygdalýanyň ogly Hananyň ogullarynyň Rebbiň öýündäki otagyna getirdim. Bu otag ýolbaşçylaryň otagynyň gapdalynda, gapy sakçysy Şallumyň ogly Magaseýanyň otagynyň ýokarsyndady. Gündogar tarapdaky derwezäniň hüjreleri her ýandan üçdi; üçüsiniň-de ölçegi birdi; söýeleriň ölçegi hem her ýandan birdi. Ol derwezäniň agzynyň inini ölçedi, on tirsek boldy we içki derwezäniň uzynlygy on üç tirsek boldy. Hüjreleriň öňünde her tarapdan bir tirseklik diwar bardy; hüjreleriň ölçegi her ýandan alty tirsekdi. Ol derwezäni bir hüjräniň üçeginden beýleki üçegine çenli ölçedi: onuň ini ýigrimi bäş tirsek çykdy, hüjreleriň girelgeleri biri-birine bakyşyp durdular. Derwezäniň girelgesindäki däliziň töwerekleýin ölçegi altmyş tirsek çykdy. Derwezäniň girelgesinden içki eýwanyň aňry başyna çenli uzynlyk elli tirsekdi. Derwezäniň iç tarapynda hüjreleriň we söýeleriň her ýanynda penjire görnüşli tagçalar bardy, eýwanlar hem şeýledi; söýeleriň ýüzünde palma agaçlarynyň şekili bardy. Onuň hüjreleri bu ýanda üç, ol ýanda hem üçdi; söýeleriň we eýwanyň ölçegi birinji derwezäniň ölçegi bilen meňzeşdi; uzynlygy elli tirsek, ini ýigrimi bäş tirsekdi. Onuň hüjreleriniň, söýeleriniň we eýwanynyň ölçegleri-de beýlekilere meňzeşdi. Derwezede we eýwanda töwerekleýin tagçalar bardy. Derwezäniň uzynlygy elli tirsek, ini ýigrimi bäş tirsekdi. Onuň hüjreleriniň, söýeleriniň we eýwanynyň ölçegleri-de beýlekilere meňzeşdi; derwezede we eýwanda töwerekleýin tagçalar bolup, derwezäniň uzynlygy elli tirsek, ini ýigrimi bäş tirsekdi. Munuň-da hüjreleri, söýeleri, eýwany we tutuş töweregindäki tagçalary meňzeşdi. Onuň uzynlygy elli tirsek, ini ýigrimi bäş tirsekdi.
Выбор основного перевода