Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Reb meni ol ýere getirdi. Ine, bir adam peýda boldy, daş keşbi bürünç ýaly ýalpyldaýardy, elinde zygyrdan edilen ýüp we bir ölçeg taýagy bardy; ol derwezede durdy. Men bu öýüň daş-töwerekleýin belentligini gördüm; gapdal otaglaryň düýpleri doly bir ölçeg taýagyna, ýagny alty tirsege deňdi. Ony dört tarapyndan hem ölçedi. Mukaddes zady ýönekeý zatdan aýyrmak üçin onuň daş-töwereginde bir diwar bardy. Onuň uzynlygy-da, ini-de bäş ýüz tirsege deňdi. Bir tirsek we dört barmak bolan uzyn tirsek boýunça gurbanlyk sypasynyň ölçegi şeýledir: onuň ýapjagazynyň çuňlugy-da, ini-de bir tirsek, ýabyň gyrasy töwerekleýin bir garyş. Gurbanlyk sypasynyň esasy düýbi budur. Meniň bilen gepleşen perişdäniň elinde şäheri, onuň derwezelerini we diwaryny ölçär ýaly altyndan ölçeg taýagy bardy. Perişde şäheriň diwaryny-da ölçedi. Diwaryň beýikligi ýüz kyrk dört tirsek çykdy. Perişde bulary ölçände, ynsanlaryň ulanýan ölçegini ulandy.
Выбор основного перевода