Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Olar gorag hyzmatlaryndan şulara: sandyga, hantagta, çyradana, gurbanlyk sypasyna, mukaddes öýüň enjamlaryna, ýapynja we bulara degişli ähli hyzmatlara jogapkärdirler. Mundan beýläk ysraýyllaryň depesinden gazabym inmez ýaly, mukaddes ýeriň we gurbanlyk sypasynyň işlerini siziň özüňiz ediň. Patyşa onuň ýerine Ýehoýadanyň ogly Benaýany goşunbaşy edip belledi. Abýataryň deregine bolsa, Sadogy ruhanylyga belledi. Onsoň ol meni daşky howla getirdi; ol ýerde otaglar we töwerekleýin çekilen daş ýol bardy. Daş ýoluň ugrunda otuz otag bardy. Derweze girelgesindäki sütünleriň gapdalynda gapysy açyk bir otag bardy; ýakma gurbanlyklaryny şol ýerde ýuwýardylar. Maňa hyzmat etmek üçin huzuryma gelen Sadok neslinden bolan ruhanylara günä gurbanlygy hökmünde bir öküzçe ber. Muny Hökmürowan Reb diýýär. Emma ysraýyl halky Menden aýrylyp, ýoldan çykanda, mukaddes öýümi goramak keşigini çeken Sadok neslinden bolan lewi ruhanylary Maňa hyzmat etmek üçin ýakynlaşarlar; ýagy we gany Maňa hödür etmek üçin huzurymda olar durarlar. Muny Hökmürowan Reb diýýär. Ýurduň bu mukaddes paýy mukaddes öýde Rebbe hyzmat etmek üçin ýakynlaşan ruhanylar üçindir. Bu bölekde olaryň öýleri bolar we mukaddes öý üçin mukaddes ýer bolar. Biziň bir gurbanlyk sypamyz bardyr, ýöne Mukaddes çadyrda hyzmat edýän ruhanylaryň ondan iýmäge haky ýokdur.
Выбор основного перевода