Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Keruplar ganatlaryny galdyryp, meniň gözümiň alnynda ýokary galdylar. Olar çykanlarynda, tigirler-de olar bilen bile çykyp, Rebbiň öýüniň gündogar derwezesiniň girelgesinde durdular. Ysraýyl Hudaýynyň şöhraty bolsa olaryň depesindedi. Ruh meni ýokary galdyryp, Rebbiň öýüniň gündogar tarapdaky derwezesine getirdi. Derwezäniň girelgesinde ýigrimi bäş adam bardy. Men olaryň arasynda halkyň ýolbaşçylaryndan Azuryň ogly Ýazanýa bilen Benaýanyň ogly Pelatýany gördüm. Daşky howlynyň demirgazygyndaky derwezäniň-de uzynlygyny we inini ölçedi. Onuň tagçalary, eýwany we çekilen palma agaçlarynyň şekili gündogar tarapdaky derwezäniň ölçegine görädi. Oňa ýedi basgançakdan çykylýardy we olar eýwana alyp barýardy. Oňa çykar ýaly ýedi basgançak bardy we olar eýwana alyp barýardy. Onuň söýeleriniň ýüzünde palma agaçlarynyň şekili bardy; olaryň biri bu ýanda, beýlekisi ol ýandady. Onsoň ol adam meni gündogar tarapa bakyp duran derwezä getirdi. Soňra ol adam meni öwrüp, Hudaýyň öýüniň girelgesine getirdi. Öýüň bosagasynyň aşagyndan gündogara tarap suw akýardy. Öý gündogara tarap bakýardy. Suw öýüň sag tarapyndan, gurbanlyk sypasynyň günortasyndan inýärdi.
Выбор основного перевода