Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Her hüjräniň uzynlygy-da, ini-de bir ölçeg taýagydy. Hüjreleriň aralygy bäş tirsekdi. Hudaýyň öýüne tarap bakýan eýwanyň ýanyndaky gapynyň bosagasynyň uzynlygy bir ölçeg taýagydy. Gündogar tarapdaky derwezäniň hüjreleri her ýandan üçdi; üçüsiniň-de ölçegi birdi; söýeleriň ölçegi hem her ýandan birdi. Derwezäniň iç tarapynda hüjreleriň we söýeleriň her ýanynda penjire görnüşli tagçalar bardy, eýwanlar hem şeýledi; söýeleriň ýüzünde palma agaçlarynyň şekili bardy. Onuň hüjreleri bu ýanda üç, ol ýanda hem üçdi; söýeleriň we eýwanyň ölçegi birinji derwezäniň ölçegi bilen meňzeşdi; uzynlygy elli tirsek, ini ýigrimi bäş tirsekdi. Onuň tagçalary, eýwany we çekilen palma agaçlarynyň şekili gündogar tarapdaky derwezäniň ölçegine görädi. Oňa ýedi basgançakdan çykylýardy we olar eýwana alyp barýardy. Derwezede we eýwanda öňki tagçalar ýaly tagçalar bardy we derwezäniň uzynlygy elli tirsek, ini ýigrimi bäş tirsekdi.
Выбор основного перевода