Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ol Rebbiň öýüne gözenekli penjireler etdi. Zeýtun agajyndan ýasalan iki gapynyň ýüzi oýulyp, keruplar, palma agaçlary we açylan güller bilen haşamlanandy. Süleýman olara altyn çaýdy, keruplaryň we palma agaçlarynyň ýüzüne hem altyn çaýdy. Onuň hüjreleri bu ýanda üç, ol ýanda hem üçdi; söýeleriň we eýwanyň ölçegi birinji derwezäniň ölçegi bilen meňzeşdi; uzynlygy elli tirsek, ini ýigrimi bäş tirsekdi. Onuň tagçalary, eýwany we çekilen palma agaçlarynyň şekili gündogar tarapdaky derwezäniň ölçegine görädi. Oňa ýedi basgançakdan çykylýardy we olar eýwana alyp barýardy. Oňa çykar ýaly ýedi basgançak bardy we olar eýwana alyp barýardy. Onuň söýeleriniň ýüzünde palma agaçlarynyň şekili bardy; olaryň biri bu ýanda, beýlekisi ol ýandady. Derwezäniň eýwany daşky howla tarap bakyp durdy; söýeleriniň ýüzünde palma agaçlarynyň şekili bardy; oňa çykar ýaly sekiz basgançak bardy. Derwezäniň eýwany daşky howla tarap bakyp durdy; söýeleriniň ýüzünde palma agaçlarynyň şekili bardy; oňa çykar ýaly sekiz basgançak bardy. Onuň eýwany daşky howla tarap bakýardy; söýeleriniň ýüzünde her ýan tarapdan palma agaçlarynyň şekili bardy; oňa çykar ýaly sekiz basgançak bardy. Gapynyň depesi, içki hem daşky otaglary, öýüň tutuş diwarlary nagyşlar bilen haşamlanyp, olara keruplaryň we palma agaçlaryň şekilleri salnypdy; iki kerubyň arasynda bir palma agajy bolup, her kerubyň iki ýüzi bardy.
Выбор основного перевода