Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Her hüjräniň uzynlygy-da, ini-de bir ölçeg taýagydy. Hüjreleriň aralygy bäş tirsekdi. Hudaýyň öýüne tarap bakýan eýwanyň ýanyndaky gapynyň bosagasynyň uzynlygy bir ölçeg taýagydy. Gündogar tarapdaky derwezäniň hüjreleri her ýandan üçdi; üçüsiniň-de ölçegi birdi; söýeleriň ölçegi hem her ýandan birdi. Ol derwezäni bir hüjräniň üçeginden beýleki üçegine çenli ölçedi: onuň ini ýigrimi bäş tirsek çykdy, hüjreleriň girelgeleri biri-birine bakyşyp durdular. Derwezäniň girelgesinden içki eýwanyň aňry başyna çenli uzynlyk elli tirsekdi. Derwezäniň iç tarapynda hüjreleriň we söýeleriň her ýanynda penjire görnüşli tagçalar bardy, eýwanlar hem şeýledi; söýeleriň ýüzünde palma agaçlarynyň şekili bardy. Howlynyň her gapdalynda uzynlygy ýigrimi bäş tirsek, ini bäş tirsek bolan eýwanlary bardy.
Выбор основного перевода