Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Äht sandygyny Rebbiň öýünde goýandan soň, Dawudyň şol ýerde nagma aýtmaga bellän adamlary şulardyr. Bular Süleýman Iýerusalimde Rebbiň öýüni gurýança, Rebbe ýüz tutulýan mukaddes çadyryň öňünde nagma aýtdylar. Olar bellenilen düzgünler boýunça hyzmata durdular. dört müňi derwezebanlar, ýene dört müňi meniň öwgi aýtmak üçin ýasan saz gurallarymda Rebbi şöhratlandyrmalydyrlar» diýdi. Dawut hem-de goşun baştutanlary Asafyň, Heýmanyň hem-de Ýedutunyň ogullaryny hyzmat işi üçin bölüp aýyrdylar. Olar lira, arfa hem kimwal çalyp pygamberlik etmelidiler. Hyzmat işini ýerine ýetirenler şulardyr: Asafyň ogullaryndan: Zakur, Ýusup, Netanýa, Asarela. Bular patyşanyň emrine görä pygamberlik eden Asafyň ogullarydy we onuň garamagyndadylar. Ýedutunyň ogullaryndan: Gedalýa, Seri, Işaýa, Şimeý, Haşabýa, Matytýa – jemi alty. Olar Rebbe lira bilen öwgi aýdyp, Ony şöhratlandyryp pygamberlik edýän kakalary Ýedutunyň garamagyndadylar. Heýmanyň ogullary: Bukyýa, Matanýa, Uzyýel, Şebuwal, Ýerimot, Hananýa, Hanany, Eliýata, Gidalty, Romamty Gezer, Ýoşbekaşa, Malloty, Hotyr, Mahazyýot. Şularyň hemmesi patyşanyň görgüri Heýmanyň ogullarydyr. Bu ogullar Hemana ony beýik etmek üçin, Hudaýyň beren wadasy bilen berlipdi. Hudaý oňa on dört ogul bilen üç gyz berdi. Bularyň bary kakalarynyň garamagynda Rebbiň ybadathanasynda kimwal, arfa hem lira çalyp, aýdym aýdýardylar. Asaf, Ýedutun we Heýman patyşanyň buýrugy astyndadylar. Bular hem-de bularyň Rebbiň öňünde aýdym aýtmaklyga türgenleşdirilen garyndaşlarynyň bu işe ussatlary iki ýüz segsen sekiz adamdy. Onsoň ol meni daşky howla getirdi; ol ýerde otaglar we töwerekleýin çekilen daş ýol bardy. Daş ýoluň ugrunda otuz otag bardy. Içki howlynyň derwezeleri demirgazyk we gündogar tarapdaky derwezeler bakyşyp durdular; derwezeden derwezä çenli aralygy ölçedi: ol ýüz tirsek çykdy. Içki howlynyň günorta derwezesi bardy; ol adam günorta derwezeden beýleki derwezä çenli uzynlygyny ölçedi, ol ýüz tirsek çykdy. Soňra ol meni günortadaky derwezeden içki howla getirdi we günortadaky derwezäni ölçedi; munuň ölçegi-de beýlekilere meňzeşdi.
Выбор основного перевода