Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
«Reb şeýle diýýär: Rebbiň öýüniň howlusynda dur-da, sežde etmek üçin Ýahuda şäherlerinden ol ýere gelen her kese aýt. Saňa aýtmagy buýran sözlerimiň ýekejesini-de gaçyrman, baryny olara ýetir. Sen, eý, ynsan ogly, ysraýyl halkyny bu öýden habarly et, goý, onuň nusgasyny ölçesinler we etmişlerinden ýaňa utansynlar. Reb maňa şeýle diýdi: «Eý, ynsan ogly! Ýagşy üns ber, öz gözleriň bilen gör, Rebbiň öýüniň ähli düzgünleri we kanunlary hakda saňa aýdýan zatlarymy öz gulagyň bilen eşit, mukaddes öýe kimiň girip-çykýandygyna ýagşy üns ber. Sebäbi men Hudaýyň ähli islegini size wagyz etmekden boýun towlamadym.
Выбор основного перевода