Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Derwezäniň iç tarapynda hüjreleriň we söýeleriň her ýanynda penjire görnüşli tagçalar bardy, eýwanlar hem şeýledi; söýeleriň ýüzünde palma agaçlarynyň şekili bardy. Onuň tagçalary, eýwany we çekilen palma agaçlarynyň şekili gündogar tarapdaky derwezäniň ölçegine görädi. Oňa ýedi basgançakdan çykylýardy we olar eýwana alyp barýardy. Oňa çykar ýaly ýedi basgançak bardy we olar eýwana alyp barýardy. Onuň söýeleriniň ýüzünde palma agaçlarynyň şekili bardy; olaryň biri bu ýanda, beýlekisi ol ýandady. Derwezäniň eýwany daşky howla tarap bakyp durdy; söýeleriniň ýüzünde palma agaçlarynyň şekili bardy; oňa çykar ýaly sekiz basgançak bardy. Onuň eýwany daşky howla tarap bakýardy; söýeleriniň ýüzünde her ýan tarapdan palma agaçlarynyň şekili bardy; oňa çykar ýaly sekiz basgançak bardy.
Выбор основного перевода