Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Onsoň ol gündogar tarapdaky derwezä gelip, onuň basgançaklary bilen gapysynyň ýanyna çykyp, onuň bosagasyny ölçedi: onuň ini bir ölçeg taýagydy. Bu bosaganyň ini bir ölçeg taýagydy. Ol derwezäni bir hüjräniň üçeginden beýleki üçegine çenli ölçedi: onuň ini ýigrimi bäş tirsek çykdy, hüjreleriň girelgeleri biri-birine bakyşyp durdular. Derwezäniň girelgesinden içki eýwanyň aňry başyna çenli uzynlyk elli tirsekdi. Derwezäniň iç tarapynda hüjreleriň we söýeleriň her ýanynda penjire görnüşli tagçalar bardy, eýwanlar hem şeýledi; söýeleriň ýüzünde palma agaçlarynyň şekili bardy. Howlynyň her gapdalynda uzynlygy ýigrimi bäş tirsek, ini bäş tirsek bolan eýwanlary bardy.
Выбор основного перевода