Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Siz gara maly ýakma gurbanlyk berseňiz, malyňyz şikessiz öküzçe bolsun. Rebbiň bu gurbanlygy siziň adyňyzdan kabul ederi ýaly, siz bu ýakma gurbanlygyny Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzyna getiriň. Ýakma gurbanlyk berýän malyň eýesi, onuň kellesine elini goýsun we Hudaý ol maly sizi günäleriňizden saplaýan gurbanlyk hökmünde kabul eder. Soňra öküzçäniň eýesi Rebbiň huzurynda onuň damagyny çalsyn. Harunyň ogullary – ruhanylar bolsa, onuň ganyny Rebbe hödür edip, ony Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzyndaky gurbanlyk sypasynyň çar tarapyna serpsinler. «Ysraýyl halkyna aýt: „Kimde-kim Men Rebbiň size beren buýruklarymy tötänden bozup, günä etse, şeýle-de başyna ýag guýlup saýlanan baş ruhanynyň özi günä iş edip, halky ýazykly etse, onda ol şikessiz bir öküzçäni öldürip, ony Rebbe günä gurbanlygy hökmünde hödür etsin. «Ysraýyl halkyna aýt: „Kimde-kim Men Rebbiň size beren buýruklarymy tötänden bozup, günä etse, şeýle-de başyna ýag guýlup saýlanan baş ruhanynyň özi günä iş edip, halky ýazykly etse, onda ol şikessiz bir öküzçäni öldürip, ony Rebbe günä gurbanlygy hökmünde hödür etsin. Öküzçäni Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzyna, Rebbiň huzuryna getirsin we elini öküzçäniň kellesine goýup, Rebbiň huzurynda onuň damagyny çalsyn. Kimdir biri bolan işi görüp ýa-da bilibem, bolan işe şaýatlyk etmegi soralanda, ondan boýun gaçyrsa, ol öz jezasyny çekmelidir. Kimdir biri haram saýylýan zada: haram wagşy haýwanyň maslygyna ýa-da haram mal-garanyň maslygyna, ýa-da haram süýrenijileriň we mör-möjekleriň maslygyna tötänlikde galtaşsa, onda ol muny aňan badyna, haram we ýazykly saýylýandyr. Kimdir biri haramlygyna, haram edýän islendik zada tötänlikden galtaşsa, onda ol muny aňan badyna, ýazykly saýylsyn. Kimdir biri ýamanlyk ýa-da ýagşylyk etmek üçin, soňuny saýman tötänden ant içse, onda ol muny aňan badyna, nähili ant içilendigine garamazdan, ýazykly saýylsyn. Eger kimde-kim şulardan birini edip, günä gazanandygyna göz ýetirse, ol eden günäsini boýun alsyn. Ol eden günäsi üçin töleg hökmünde sürüden bir urkaçy janlyny: goýny ýa-da geçini Rebbe günä gurbanlygy üçin getirsin. Ruhany günä gurbanlygy üçin berlen goýun ýa-da geçi bilen günälini günäsinden saplasyn. Soňra ol özüniň Rebbe ýazyk gurbanlygy hökmünde ruhana sürüden bir şikessiz goç ýa-da onuň ýerini tutjak başga bir zat getirip bersin. Ýazyk gurbanlygy örän mukaddes gurbanlykdyr. Onuň berliş kadasy şeýledir:
Выбор основного перевода