Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Aýaklary gönüdi, dabanlary göläniň toýnagyna meňzeýärdi we ýaldyrawuk bürünç kimin şöhle saçýardy. Ýaňky adam eli ölçeg ýüpli gündogara tarap çykanda, müň tirsek ölçäp, meni suwdan geçirdi; suw topuga çykýardy. Onuň bedeni sary ýakut ýalydy, ýüzi ýyldyrym ýaly öwşün atýardy. Gözleri ýanyp duran şamçyrag, gollary we aýaklary ýalpyldawuk bürünç ýaly ýalpyldaýardy, sesi uly mähelläniň galmagaly ýalydy. Başga bir görnüş arkaly Reb maňa şuny görkezdi: ine, Reb şugul guraly bilen gurlan dim-dik diwaryň ýanynda durdy, elinde bolsa şugul bardy. Soňra men seredip durkam, eli ölçeg ýüpli bir adamy gördüm. Maňa bir ölçeg taýagy berlip, şeýle diýildi: «Git-de, Hudaýyň ybadathanasyny, gurbanlyk sypasyny ölçe, ol ýerde sežde edýänleri sana. Meniň bilen gepleşen perişdäniň elinde şäheri, onuň derwezelerini we diwaryny ölçär ýaly altyndan ölçeg taýagy bardy.
Выбор основного перевода