Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Derwezäniň iç tarapynda hüjreleriň we söýeleriň her ýanynda penjire görnüşli tagçalar bardy, eýwanlar hem şeýledi; söýeleriň ýüzünde palma agaçlarynyň şekili bardy. Onuň hüjreleri bu ýanda üç, ol ýanda hem üçdi; söýeleriň we eýwanyň ölçegi birinji derwezäniň ölçegi bilen meňzeşdi; uzynlygy elli tirsek, ini ýigrimi bäş tirsekdi. Onuň tagçalary, eýwany we çekilen palma agaçlarynyň şekili gündogar tarapdaky derwezäniň ölçegine görädi. Oňa ýedi basgançakdan çykylýardy we olar eýwana alyp barýardy. Onuň hüjreleriniň, söýeleriniň we eýwanynyň ölçegleri-de beýlekilere meňzeşdi; derwezede we eýwanda töwerekleýin tagçalar bolup, derwezäniň uzynlygy elli tirsek, ini ýigrimi bäş tirsekdi.
Выбор основного перевода