Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Çünki lewilerden bolan dört ýolbaşçy derwezeban Hudaýyň öýüniň otaglarynyň hem-de hazynalarynyň hem ýolbaşçysydylar. Onsoň Hizkiýa olara Rebbiň öýünde ammarlary taýýarlamagy tabşyrdy. Olar hem ammarlary taýýarladylar. Otag üstünde otag bolup, gapdal otaglar üç gatdy we her gatda otuz otag bardy. Pürsler öýüň diwarlaryna girmesin diýip, öýüň diwarlarynda gapdal otaglara goldaw berýän çykgytlar bardy. Onsoň ol adam meni demirgazyk tarapdan daşky howla çykardy. Hudaýyň öýüniň meýdançasynyň we ymaratyň gapdalyndaky demirgazyk otaglara getirdi. Uzynlygy ýigrimi bäş müň tirsek, ini on müň tirsek ýer bolan beýleki bölüm Hudaýyň öýünde hyzmat edýän lewilere ýaşaýyş şäherlerini gurmak üçin mülk bolar. Emma ybadathananyň daşky howlusyny hasaba alma, ony ölçeme, sebäbi ol başga milletlere berlendir. Olar mukaddes şäheri kyrk iki aýlap depelär.
Выбор основного перевода