Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Onsoň Reb Iýerusalimiň garşysyna Babyl patyşasyny çozdurdy. Babyllylar mukaddes öýünde ýaşlaryny gylyçdan geçirdiler; ýigitlerdir gyzlara, gojalardyr saçy agaranlara olar rehim etmediler. Reb olaryň baryny Babyl patyşasynyň eline berdi. Babyllylar Hudaýyň öýüni ýakyp, Iýerusalimiň diwaryny ýykyp, ondaky ähli köşklere ot berip, ähli gymmatbaha zatlary ýok etdiler. Babyllylar patyşanyň köşgüni, halkyň öýlerini ýakdylar we Iýerusalimiň diwarlaryny ýykdylar. Olar jemagaty seniň garşyňa küşgürerler, seni daşlarlar, gylyçdan geçirerler. Öýleriňi oda ýakyp, köp aýallaryň gözleriniň alnynda saňa höküm çykararlar. Men zynagärligiňi bes etdirerin, indi gaýdyp oýnaşlaryňa muzd tölemersiň. «Ysraýyl halkyna Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Men güýjüňiziň buýsanjy, gözüňiziň arzuwlaýany, janyňyzyň mähremi bolan mukaddes öýümi harlatmakçy. Galdyryp gaýdan ogul-gyzlaryňyz gylyçdan ölerler“.
Выбор основного перевода