Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ol Rebbiň: «Iýerusalimde maňa ybadat ediler» diýen Rebbiň öýünde butlar üçin gurbanlyk sypalaryny bina etdi. Reb şeýle diýýär: «Köp gurbanlyklaryňyzyň Maňa haýry nä? Goçlardan berlen ýakma gurbanlyklaryndan, baga bakylan mallaryň ýagyndan doýdum. Öküzleriň, guzularyň we erkeçleriň ganyndan lezzet almaýaryn. Huzuryma şeýle gelip, howlymy depeläp ýörmegiňizi kim sizden talap etdi? «Pygamber-de, ruhany-da hudaýsyzdyr, olaryň pisligini hatda Öz öýümde-de gördüm. Muny Reb aýdýandyr. Pitneçi ysraýyl halkyna Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Eý, ysraýyl halky! Meniň öýümi harlamak üçin sünnetsiz we boýnuýogyn gelmişekleri içerik salmak bilen eden ähli nejis işleriňizi bes ediň! Siz Maňa iýmit, ýag we gan hödür edeniňizde, olar mukaddes öýümde boldular. Siz ähli nejis işleriňiziň üstesine Meniň ähtimi hem bozduňyz.
Выбор основного перевода