Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ogul-gyzlaryny oda ýakyp, gurbanlyk etmek üçin, Benhinnom deresinde Topet seždegählerini gurdular. Beýle işi Men olara buýurmadym, beýtmek kelläme-de gelmedi. Meniň üçin dogran ogullaryňy we gyzlaryňy alyp, iýmit hökmünde butlara gurban etdiň. Hamala, zynagärligiň az ýalydy! Çagalarymy öldürdiň, olary oda ýakyp, butlara gurban berdiň. «Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Seniň haýasyzlygyň äşgär bolup, oýnaşlaryň we ähli nejis butlaryň bilen zyna edýärkäň, ýalaňaçlygyň üsti açyldy. Olara beren ogullaryňyň gany üçin Men saňa zyna eden we gan döken aýallara degişli hökümler çykararyn. Öçli gahar-gazabym we gabanjaňlygym bilen seniň ganyňy akdyraryn. Sen öz ärini we ogluny kemsidýän enäniň gyzysyň, öz ärlerini we ogullaryny kemsidýän uýalaryň uýasysyň, siziň ejeňiz hetli, kakaňyz bolsa amorlydy.
Выбор основного перевода