Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Reb sizi duşmanlaryňyzyň öňünde ýeňlişe sezewar eder. Siz olaryň garşysyna bir tarapdan hüjüm etseňiz, yzyňyza gaçanyňyzda çar tarapa gaçarsyňyz. Başyňyzdan inen bela-beterler ýer ýüzündäki ähli şalyklary howsala salar. Ýahuda patyşasy Hizkiýanyň ogly Manaşanyň Iýerusalimde eden işlerinden ýaňa bütin dünýäniň patyşalyklaryny howp astyna salaryn. Men olary ýer ýüzüniň ähli patyşalyklary üçin howpa we ýamanlyga öwrerin. Sürgün eden her bir ýerimde bolsa, olar masgara, gep-gürrüň, gülki bolup näletlenerler. Olary gylyç, açlyk, mergi bilen kowalap, ýer ýüzündäki ähli patyşalyklar üçin howp salaryn. Dargadyp goýberen ähli milletlerimiň arasynda olary gargyşa, howpa, ryswaçylyga we käýinje öwrerin. Olar jemagaty seniň garşyňa küşgürerler, seni daşlarlar, gylyçdan geçirerler. Olar ýaraglar, söweş arabalary, at-arabalar we bir topar halklar bilen saňa garşy çykyp, uly-kiçi galkanlary, demir tuwulgalary bilen daş-töwerekden daşyňy alarlar. Men olara höküm etmek ygtyýaryny bererin, olar öz däp-dessurlary boýunça saňa hökümler çykararlar.
Выбор основного перевода