Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Adamlaryňyz ähli ýerde öldüriler, şonda siz Meniň Rebdigimi bilersiňiz. Patyşa ýas tutar, hökümdary aljyraňňylyk gaplar, ýurduň halkynyň gorkudan elleri titrär. Men olaryň tutan ýollaryna görä hasaplaşaryn, öz hökümlerine laýyklykda höküm çykararyn. Onsoň olar Meniň Rebdigimi bilerler». Pitneçileri we Meniň garşyma jenaýat edenleri siziň araňyzdan aýraryn, olary gelmişek bolup ýaşaýan ýurtlaryndan çykararyn, ýöne olar Ysraýyl ýurduna girmezler. Şonda siz Meniň Rebdigimi bilersiňiz». Sizi ata-babalaryňyza bermeklige ant içen ýurduma, Ysraýyl ýurduna getirenimde, siz Meniň Rebdigimi bilersiňiz. Eý, ysraýyl halky! Men siziň öz tutan ýollaryňyza we ýaramaz işleriňize görä däl-de, Öz adymyň hatyrasyna hereket edenimde, siz Meniň Rebdigimi bilersiňiz“». Muny Hökmürowan Reb diýýär. Şonuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Meni unudandygyňa, Menden ýüz öwrendigiňe görä sen hem öz haýasyzlygyň we zynagärligiň üçin jezaňy çek». Olar Sur galasyna garaşly şäherlerde ýaşaýanlary gylyçdan geçirerler; onsoň olar Meniň Rebdigimi bilerler». Olara hiç kim howp salman, öz ýurtlarynda howpsuz ýaşanlarynda, özleriniň masgaraçylykly hereketlerine we Maňa garşy eden dönükliklerine utanarlar.
Выбор основного перевода