Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Şeýdip, patyşa pikirini jemläp, iki sany altyn göle ýasap, halka ýüzlenip, şeýle diýdi: «Iýerusalime şu wagta çenli gatnanyňyz besdir. Eý, ysraýyllar, sizi Müsürden çykaran hudaýlaryňyz şulardyr». Ol altyn göläniň birini Beýtelde, beýlekisini hem Danda goýdy. Şeýdip, halk günä etdi. Halk sežde etmek üçin Beýteldäki we Dandaky altyn göläniň ýanyna uzak ýere gitdiler. Aşur patyşasy Pul Ysraýyla hüjüm etdi. Menahym öz patyşalygyny kuwwatlandyrmaga kömek ederi ýaly, Pula bir müň ýedi ýüz batman kümüş berdi. Aşur patyşasy Şalmaneser Hoşeýa garşy hüjüm etdi. Hoşeýa Şalmanesere tabyn bolup, oňa salgyt töledi. «Gyjalat beriň ejeňize, gyjalat, çünki ol Meniň aýalym däl; Men hem onuň äri däl; goý, ýüzünden görünýän zynahorlygy, teninden azgynlygy aýyrsyn. Men Efraýymy tanaýaryn, Ysraýylam Menden gizlin däldir. Çünki sen zyna etdiň, eý, Efraýym. Ysraýyl hem haramdyr. Olar ýeke aýlanýan gulan ýaly, Aşura gitdiler. Efraýym özüne oýnaşlary satyn aldy. Olary başga halklar ýaran bolmaga satyn alsa, Men olary toplap ýygnaryn. Olar tizara beýik patyşanyň salgydyndan sandyrarlar.
Выбор основного перевода