Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Onsoň babyllylar patyşany tutup, Ribla getirdiler. Şol ýerde Babyl patyşasy oňa höküm çykardy. Emma babyllylaryň goşuny olaryň yzyndan kowdy we Ýeriho düzlüginde yzlaryndan ýetip, Sidkiýany tutdy. Onsoň babyllylar ony tutup, Hamat ýurdunyň Ribla galasynda bolan Babyl patyşasy Nebukadnesaryň ýanyna getirdiler, ol hem Sidkiýa barada höküm çykardy. Babyl patyşasy Riblada Sidkiýanyň ogullaryny öz gözüniň alnynda öldürtdi. Şeýle-de, ol Ýahudanyň ähli ýolbaşçylaryny öldürtdi. Daýaw atlaryň toýnak sesinden, söweş arabalarynyň takyrdysyndan, tigirleriniň seslerinden ýaňa elleri tapdan düşen atalar öwrülip, çagalaryna ýardam bermezler. Olar jemagaty seniň garşyňa küşgürerler, seni daşlarlar, gylyçdan geçirerler. Şeýdip, olaryň gorkudan ýaňa ýüregi bükgüldesin, büdremeleri artsyn diýip, Men ähli derwezelerinde howp salýan gylyjy goýdum. Pah-pah, gylyç ýyldyrym kimin parlady, gyrmak üçin çykaryldy. «Eý, ynsan ogly, Babyl patyşasynyň gylyjy geler ýaly, özüňe iki ýol belle, ikisi-de bir ýurtdan çyksyn. Gala barýan ýoluň başynda bir belgi ýasap goý. Onuň sag elinde Iýerusalimi görkezýän pal bar. Onda diwar ýykýan pürsleri ýerleşdirmek, ölüm buýrugyny bermek, söweş nagralaryny çekmek, derwezeleri ýumrujy gurallary goýmak, berkitmeler we diwara çykmak üçin ýapgytlar gurmak barada aýdylýar. Gamçy sesi, araba tigirleriniň takyrdysy, çapýan atlaryňdyr söweş arabalarynyň tapyrdysy!
Выбор основного перевода