3
Müsür patyşasy Neko Iýerusalimde Ýehogahazy tagtdan agdaryp, ýurda bir ýüz ýetmiş batman kümüş, bir ýarym batmana golaý hem altyn salgyt saldy. Ol Ýehogahazyň dogany Elýakymy onuň ýerine Ýahuda we Iýerusalime patyşa edip, onuň adyny Ýehoýakym diýip üýtgetdi. Onsoň Neko patyşa Ýehogahazy alyp, Müsüre geldi.