Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Gapylaryňyzyň, söýeleriňiziň arka tarapynda butparazçylykly heýkeller goýduňyz. Meni terk edip, ýalaňaçlanyp, düşegiňize geçdiňiz. Ony giňeltdiňiz; äht edişdiňiz olar bilen, olaryň düşegini söýdüňiz, olaryň ýalaňaç bedenine seretdiňiz. Şonuň üçin, eý, Oholyba, Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Men seniň ýigrenen oýnaşlaryňy özüňe garşy küşgürerin, olary her ýandan saňa garşy aýaga galdyraryn. Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Men seni öz ýigrenen adamlaryňyň, kalbyňyň ýigrenenleriniň eline bererin. Olaryň saňa garşy özlerini alyp baryşlary ýigrençli bolar, seniň ähli zähmetiňiň hasylyny alyp, seni ýalaňaç hem alaň-açyk goýarlar. Sen milletler bilen zyna etdiň, olaryň butlary bilen haram bolduň. Şeýlelikde, zynagärligiň ýalaňaçlygy paş bolar. Bu zatlaryň ählisi haýasyzlygyň we azgynlygyň sebäpli başyňdan iner.
Выбор основного перевода