Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Men ol bu zatlary edenden soň, Maňa tarap öwrüler öýtdüm, emma ol öwrülmedi; muny onuň haýyn uýasy gördi. Men ähli eden zynalary üçin biwepa Ysraýylyň talagyny berip, kowup goýberenimde hem onuň haýyn uýasy Ýahudanyň hiç gorkmandygyny, gaýtam onuň hem loly bolup, zyna edendigini gördüm. Hökmürowan Reb Iýerusalime şeýle diýýär diý: „Seniň aslyň, doglan ýeriň Kengan ýurdudyr. Seniň kakaň amor, ejeň het tiresindendir. Ine, hemmeler seniň garşyňa ‘Enesini gör-de, gyzyny al’ diýen nakyly aýdarlar. Sen öz ärini we ogluny kemsidýän enäniň gyzysyň, öz ärlerini we ogullaryny kemsidýän uýalaryň uýasysyň, siziň ejeňiz hetli, kakaňyz bolsa amorlydy. Gyzlary bilen birlikde seniň demirgazyk tarapyňda ýaşaýan uly uýaň Samariýadyr, gyzlary bilen seniň günorta tarapyňda mesgen tutan kiçi uýaň Sodomdyr.
Выбор основного перевода