Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Oýan, eý, Iýerusalim oýan, aýaga gal! Rebbiň gazap käsesini Onuň elinden içdiň, serhoşlyk käsesini başyňa çekdiň. Ysraýyl Hudaýy Reb maňa şeýle diýdi: «Gazapdan pürepür bu käsäni Meniň elimden al-da, seni ýanlaryna iberjek ähli milletlerime ony şerap dek içir. Döken ganlaryň bilen etmişli bolduň, ýasan butlaryň bilen haram bolduň; günleriňiň soňuny ýakynlaşdyrdyň, ýyllaryňyň soňuna çykdyň. Şonuň üçin hem Men seni milletleriň öňünde utanja, ähli ýurtlaryň öňünde masgaraçylyga sezewar ederin. Eý, ady nejis we içi gowgadan doly şäher, ýakyndakylar-da, uzakdakylar-da seni masgaralarlar.
Выбор основного перевода