Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ahaz Aşur patyşasy Tiglatpileseriň ýanyna çaparlar ýollap: «Men seniň guluň hem-de ogluňdyryn. Gel-de, maňa garşy hüjüm edýän Siriýa patyşasy bilen Ysraýyl patyşasynyň elinden meni gutar» diýdi. Ahaz Rebbiň öýündäki we patyşanyň öýündäki hazynalarynda bar bolan altyndyr kümşi alyp, sowgat hökmünde Aşur patyşasyna iberdi. Aşur patyşasy Ahazyň sözüne gulak asdy. Aşur patyşasy Damaska garşy hüjüm edip, ony basyp aldy-da, ilatynyň baryny Kire ýesir edip äkitdi we Resini öldürdi. Ahaz patyşa Aşur patyşasy Tiglatpileseri garşylamak üçin Damaska baranda, Damaskdaky gurbanlyk sypasyny görüp, onuň nusgasyny we teswirini edil bolşy ýaly edip, Uryýa ruhana iberdi. Şol wagtlarda Ahaz patyşa kömek sorap, Aşur patyşasynyň ýanyna adam ýollady. Edomlylar ýene-de çozup, Ýahudadan üstün çykypdy, olary ýesir edip äkidipdiler. Piliştliler Ýahudanyň günbatar baýyrlaryndaky we Negep çölündäki şäherlerine hüjüm edip, Beýtşemeşi, Aýalony, Gederoty, Sokony ýanyndaky obalary bilen, Timnany ýanyndaky obalary bilen, Gomzony ýanyndaky obalary bilen basyp alyp, şol ýerlerde mesgen tutupdylar. Ysraýyl patyşasy Ahaz zerarly Reb Ýahudany kiçeldipdi, çünki Ahaz Ýahudada azgynlyk edip, Rebbe hyýanat edipdi. Şeýdip, Aşur patyşasy Tiglatpileser Ahazyň garşysyna çykyp, oňa ýardam etmegiň deregine zulum etdi. Ahaz Rebbiň öýüni, patyşanyň köşgüni we emeldarlaryň öýlerini talap, olardan Aşur patyşasyna salgyt töledi; emma bu Ahaza kömek etmedi. Ahaz patyşa betbagtçylykly pursatlarynda Rebbe hyýanatçylygyny has-da artdyrdy. Ahaz özüni ýeňlişe sezewar eden Damask hudaýlaryna gurbanlyk berip, şeýle diýdi: «Siriýa patyşalarynyň hudaýlarynyň olara ýardam edişleri ýaly, maňa-da ýardam etmekleri üçin, men olara gurbanlyk bererin». Emma ol hudaýlar Ahazyň we tutuş Ysraýylyň başyndan betbagtçylyk inderdi. Bular mawy eşik geýnen häkimler bilen emeldarlardy, ählisi görmegeý ýaş ýigitler we atly esgerlerdi. Babyllylary, ähli kesetleri, pekotlary, şowalary, kowalary we olar bilen birlikde tutuş aşurlary görmegeý ýaş ýigitleri, häkimleriň we emeldarlaryň baryny, serkerdeleri we ýolbaşçylary, at münýänleri saňa garşy goýaryn.
Выбор основного перевода