Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Munuň üçin eller gowşar, her ynsanyň ýüregi ýarylar. Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Betbagtlyk! Ine, öň görlüp-eşidilmedik betbagtlyk gelýär! Soňuňyz geldi; hawa, soňuňyz geldi! Ol siziň garşyňyza oýandy; ine, gelýär! Hiç kimiň golunda kuwwat galmaz, ähli kişiniň dyzlary titrär. Betbagtlyk üstüne betbagtlyk geler, erbet habar üstüne erbet habar çykar. Pygamberden boş ýere aýanlyk tama ederler; ruhany kanun öwretmez, ýaşuly öwüt bermez. Seniň bilen iş salşan günlerimde ýüregiň berk, elleriň güýçli bolarmy? Muny Men-Reb aýtdym. Ony ýerine hem ýetirerin. Ine, ol gün geler we amala aşar, Hökmürowan Reb diýýär; Meniň gürrüňini eden günüm bu gündür.
Выбор основного перевода