Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ol patyşanyň tohum-tijinden bolan bir adamy alyp, onuň bilen äht baglaşdy; oňa ant içirdi. Ol muny ýurt kiçigöwünli bolsun, gedemlik etmesin, ähtimi saklar ýaly, ýerinde dursun diýip etdi. Ol ýurduň baştutanlaryny ýesir edip alyp gitdi. Ýöne Iýerusalimiň patyşasy atlar we köp esger bersin diýip, ilçilerini Müsüre ibermek bilen Babyl patyşasynyň garşysyna gozgalaň turuzdy. Ol üstünlik gazanarmy? Bu işleri eden aman galarmy? Eden ähtini bozan halas bolarmy? Içen antyna biperwaý garandygy, eden ähtini bozandygy üçin Öz barlygymdan ant içýärin: ol özüni patyşa edip, tagtda oturdan patyşanyň mekany bolan Babylda öler. Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr. Ol eden ähtini bozdy, içen antyna biperwaý garady; ol söz beren hem bolsa, bu işleri etdi; indi ol gutulmaz“». Men torumy ýazaryn, ol duzagyma düşer, onsoň Babyla getirip, Maňa eden dönükligi sebäpli oňa höküm çykararyn. Müsürliler indi hiç haçan ysraýyl halky üçin arkadaýanç bolmazlar. Gaýtam, Müsüriň betbagtlygy olara Müsüre dolanmak bilen eden günälerini ýatladar. Onsoň ysraýyllar Meniň Hökmürowan Rebdigimi bilerler».
Выбор основного перевода