Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
«Sen, eý, ynsan ogly! Özüňe bir kerpiç alyp, öňüňde goý-da, onuň ýüzüne Iýerusalim şäheriniň suratyny çek. Onuň daşyny gaba, garşysyna berkitmeler sal, diwaryna çykmak üçin ýapgyt gur; düşelgeler dik, töwerek-daşynda diwar ýykýan pürsler ýerleşdir. Onsoň bir demir jam al-da, demir diwar bolar ýaly, ony özüň bilen şäheriň arasynda ýerleşdir; ýüzüňi oňa tarap öwür. Şäher gabawda bolar, ony özüň gabarsyň. Bu ysraýyl halky üçin bir alamat bolar. Şeýdip, olaryň gorkudan ýaňa ýüregi bükgüldesin, büdremeleri artsyn diýip, Men ähli derwezelerinde howp salýan gylyjy goýdum. Pah-pah, gylyç ýyldyrym kimin parlady, gyrmak üçin çykaryldy.
Выбор основного перевода