Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Şalyk hasasy Ýahudanyň elinden düşmez, onuň nesilleri şalyk sürer elmydam, Ol Şilo geler, milletler oňa boýun bolarlar. «Mukaddes dagym Sionda Mendirin Öz patyşamy oturdan». Ine, Meniň Dawudyň neslinden bir dogruçyl Şaha çykarjak günlerim gelýär; muny Reb aýdýandyr. Ol şa tagtyna çykyp, paýhasly höküm sürer, ýurtda adalat we dogruçyllyk bilen hereket eder. Onuň döwründe Ýahuda halas bolar, Ysraýyl howpsuz ýaşar. Ony: ‘Reb – biziň Hakperwerimizdir!’ diýip atlandyrarlar. Men-Reb olaryň Hudaýy we gulum Dawut olaryň hökümdary bolar. Muny Men-Reb aýtdym. Olara gulum Dawut patyşa bolar; hemmesi üçin diňe bir çopan bolar. Olar Meniň hökümlerim bilen ýöräp, parzlarymy doly berjaý ederler. «Ýahudanyň häkimi Zerubabyla Meniň Ýeri we Gögi titretjekdigimi aýt. Patyşalaryň tagtlaryny agdararyn, Men milletleriň patyşalyklarynyň güýjüni ýok ederin. Söweş arabalarydyr olaryň üstündäkileri agdararyn, atlardyr olaryň çapyksuwarlaryny ýykaryn, her kim öz ýoldaşynyň gylyjyndan heläk bolar». Hökmürowan Reb ýene şeýle diýýär: «Eý, gulum, Şeýaltyýeliň ogly Zerubabyl, şol gün Men seni getirip, möhür ýüzügim deý ederin, çünki Men seni saýladym. Muny Men – Hökmürowan Reb aýdýandyryn». Hökmürowan Reb şuny jar edýär diý: „Ine, Şaha diýen adam. Ol öz ornundan şahalar çykarar we Rebbe ybadathana gurar. Hawa, Rebbe ybadathana gurjak şoldur. Ol şalyk şöhratyny gazanar, tagtynda oturyp şalyk sürer. Onuň tagtynyň ýanynda ruhany bolar we ol ikisiniň arasynda ylalaşykly maslahat bolar. Şatlan, eý, Sion gyz, şatlan! Eý, Iýerusalim gyzy, belent owaz bilen gygyr! Ine, Patyşaň saňa tarap gelýär. Adyl hem ýeňijidir Ol! Ol bir eşege, eşegiň-de taýharyna münüp, pes göwünlilik bilen saňa gelýär. Onuň donunda we budunda «ŞALARYŇ ŞASY, TAŇRYLARYŇ TAŇRYSY» diýen at ýazylgydy.
Выбор основного перевода