Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
«Eý, ynsan ogly! Hökmürowan Reb Ysraýyl ýurduna şeýle diýýär: „Soňy geldi! Ýurduň dört künjeginiň soňy geldi! Ine, siziň soňuňyz geldi! Men siziň üstüňizden gazabymy indererin. Öz tutan ýollaryňyza laýyklykda üstüňizden höküm çykararyn, ähli nejis işleriňizi öz başyňyza getirerin. Nobat size ýetdi, eý, ýurduň ilaty! Wagt geldi, ol gün ýakynlaşdy. Daglarda şowhunly baýramçylyk deregine howsala güni geldi. Munuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Öz barlygymdan ant içýärin! Men ol tarapdan biperwaý garalan antymy we bozulan ähtimi onuň öz başyna getirerin. Sende ebedi duşmançylyk bar. Sen ysraýyl halkynyň başyna bela gelen güni, soňky jezasy döwründe olary gylyja tabşyrdyň.
Выбор основного перевода