Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Eger siz Maňa garşy gitmegiňizi dowam edip, Maňa gulak asmasaňyz, boýnuýogynlygyňyz üçin Men size ýene-de ýedi esse artyk jeza bererin. Şu jezalardan soňam Maňa tarap öwrülmän, garşyma gitmegiňizi dowam etseňiz, onda Men hem siziň garşyňyza gidip, günäleriňiz üçin size ýene öňküden-de ýedi esse artyk jeza bererin. Onsoň Ballagyň kalbynda Bilgama garşy gazap ody tutaşdy. Ol ellerini şarpyldadyp, biri-birine urup, Bilgama şeýle diýdi: «Men seni duşmanlaryma nälet okatmak üçin çagyrypdym, sen bolsaň, eýýäm üç gezek olara ak pata berdiň. Ýehoýakymyň patyşalyk eden döwründe Babyl patyşasy Nebukadnesar onuň üstüne hüjüm etdi. Ýehoýakym üç ýyllap Babyl patyşasynyň hyzmatkäri bolsa-da, onuň garşysyna gozgalaň turuzdy. Şol döwürde Babyl patyşasy Nebukadnesaryň goşunlary Iýerusalimiň üstüne hüjüm edip, onuň daşyny gabadylar. Sidkiýanyň patyşalygynyň dokuzynjy ýylynyň onunjy aýynyň onuna Babyl patyşasy Nebukadnesar bütin goşuny bilen Iýerusalime hüjüm edip, onuň garşysynda düşelge gurdy. Olar Iýerusalime girmek üçin, onuň daş-töwereginde ýapgyt gurdular. Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Eliňizi maňlaýyňyza, aýaklaryňyzy ýere uruň we şeýle diýiň: „Ysraýyl halkynyň eden ähli pis, nejis işleri üçin waý-u-dat! Olar gylyçdan, açlykdan we mergiden heläk bolarlar. Ine, eden haram gazanjyň we öz içiňde döken ganyň üçin Men elimi elime uraryn. Babyl patyşasynyň gollaryny güýçlendirip, gylyjymy onuň eline bererin; emma faraonyň gollaryny döwerin. Faraon Babyl patyşasynyň öňünde agyr ýaraly adamyň iňňildeýşi kimin iňňildär.
Выбор основного перевода