Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Reb şeýle diýýär: «Ine, demirgazyk ýurtdan bir halk gelýär, ýeriň ujundan bir beýik millet aýaga galýar. Olar ýaýdyr naýza bilen ýaraglanan, özleri-de rehimsiz hem zalymdyrlar. Sesleri deňiz ýaly güwwüldeýär. Eý, Sion gyzy! Olar atlara atlanyp, bir adam ýaly söweşe taýýarlanyp, seniň garşyňa nyzama durdular». «Sen Meniň gürzim – uruş ýaragymsyň, Men seniň bilen milletleri gyraryn, seniň bilen patyşalyklary weýran ederin. Seniň bilen atlary we çapyksuwarlaryny gyraryn, seniň bilen söweş arabalaryny we arabaçysyny gyraryn. Indi Men gazabymy basym üstüňize dökerin, size bolan gaharymy tamamlaryn. Öz tutan ýollaryňyza laýyklykda höküm çykararyn, ähli nejis işleriňizi öz başyňyza getirerin. Ýa-da ol ýurda mergi ýollap, gan dökmek üçin üstüne gazabymy döküp, ynsany we haýwany gyryp taşlasam, Eretmek üçin ody üfläp, kümşi, bürünji, demri, gurşuny we galaýyny körüge salyşlary ýaly, Men-de sizi gahar-gazabym bilen şähere salyp erederin. Sizi ýygnap, gazap odumy üstüňize üflärin we siz şäheriň içinde erärsiňiz.
Выбор основного перевода