Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Taňry bolsa onuň üstünden gülýär, çünki onuň wagtynyň dolýandygyny görýär. Olar ‘Rebbiň sözi’ diýip, boş görnüşlere we ýalan pallara uýdular. Olary Reb ýollamady, emma şonda-da sözleriniň amala aşmagyna umyt baglaýarlar. Men aýtmadyk hem bolsam, ‘Rebbiň sözi’ diýeniňizde, boş görnüşler görüp, ýalandan pal atmadyňyzmy?“. Munuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Siz ýalan sözlediňiz, boş görnüşler gördüňiz, munuň üçin Men size garşydyryn. Muny Hökmürowan Reb diýýär. Boş görnüşler görýän, ýalandan pal atýan pygamberleriň garşysyna el galdyraryn. Olar Meniň halkymyň maslahatyna gatnaşmazlar, ysraýyl halkynyň sanawyna ýazylmazlar we Ysraýyl ýurduna girmezler. Onsoň siz Meniň Hökmürowan Rebdigimi bilersiňiz. Eý, Ysraýylyň dereksiz, pis hökümdary, soňky günüň ýakynlaşdy, soňky jeza günüň ýetip geldi!» Pygamberleri boş görnüşler görüp, ýalandan pal atyp, bu etmişleriniň üstüne hek çalýarlar. Men-Reb aýtmadyk bolsam hem, „Hökmürowan Reb şeýle diýýär“ diýýärler. Sende ebedi duşmançylyk bar. Sen ysraýyl halkynyň başyna bela gelen güni, soňky jezasy döwründe olary gylyja tabşyrdyň.
Выбор основного перевода