Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Barybir, şonuň üçinem „Ol aýypsyzy-da, aýyplyny-da ýok edýär“ diýýän. Men saňa garşydyryn, eý, özüni düzde gaýa saýýan jülge ilaty!’. Muny Reb aýdýandyr. Siz diýýäňiz: ‘Bize kim garşy çykyp biler? Mesgenimize kim girip biler?’ Eý, Rebbiň gylyjy! Sen haçana çenli köşeşjek däl? Gynyňa gir, ynjal-da, asuda bol. Munuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Ine, Men, hut Meniň Özüm size garşy çykaryn, milletleriň gözleriniň alnynda size höküm çykararyn. Oňa Rebbiň sözüni eşit, Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Ine, Men içiňde ot tutaşdyraryn, ol sendäki her bir ösüp oturan agajy hem, guran agajy hem köýdürer. Lowlaýan ýalyn söndürilmez we günortadan demirgazyga çenli ähli ýüzler onuň bilen birlikde ýanar. «Eý, ynsan ogly! Pygamberlik et we Reb şeýle diýýär diý: „Gylyç! Gylyç! ol ýiteldildi, çarhlandy! Bu öldürmek üçin ýiteldildi, ýyldyrym kimin çaksyn diýip çarhlandy. Biz nädip şatlanyp bileris? Oglum, sen taýagy we temmini harladyň ahyryn. Gylyç ulanmak üçin çarhlanmaga berildi; gylyç ganhoryň eline berilsin diýip ýiteldildi, çarhlandy. «Eý, ynsan ogly, Babyl patyşasynyň gylyjy geler ýaly, özüňe iki ýol belle, ikisi-de bir ýurtdan çyksyn. Gala barýan ýoluň başynda bir belgi ýasap goý.
Выбор основного перевода