Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Reb ammonlar barada şeýle diýýär: «Ysraýylyň ogullary ýokmy? Onuň mirasdary ýokmy? Onda näme üçin Milkom Gady eýeläp, halky onuň şäherlerinde ýaşaýar?» Reb şeýle diýýär: «Ammonlaryň Raba şäherine uruş nagralaryny eşitdirjek günlerim geler. Raba bir harabaçylyk üýşmegi bolar, obalary oda ýakylar. Onsoň Ysraýyl özüni eýelänleri eýelär. Muny Reb aýdýandyr. Ahy-nala çek, eý, Heşbon! Çünki Aý galasy weýran boldy! Eý, Rabanyň obalary, perýat ediň, jul guşanyp, ýas tutuň, ekin meýdanlaryňyzda ikiýana ylgaň. Çünki ruhanylarydyr ýolbaşçylary bilen birlikde Milkom sürgün ediler. Eý, biwepa gyz, neçün güýjüňe buýsanýaň? Seniň güýjüň gaçar. Sen hazynalaryňa buýsanyp: „Meniň üstüme kim çozar?“ diýdiň. Ine, daş-töweregiňdäkileriň baryndan üstüňe howp indererin. Muny Gudratygüýçli–Hökmürowan Reb aýdýandyr. Siz dargadylarsyňyz, her adam çem gelen ýere gaçar; gaçanlary hiç kim ýygnamaz. Emma mundan soňra Men ammonlaryň öňki abadançylygyny gaýtaryp bererin. Muny Reb aýdýandyr». Maňa Rebbiň şu sözi aýan boldy: «Eý, ynsan ogly! Ýüzüňi ammonlara tarap öwür-de, olaryň garşysyna pygamberlik et. Hökmürowan Rebbiň sözüni eşidiň! Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Meniň mukaddes öýümi harlanlarynda, Ysraýyl ýurduny weýran edenlerinde we ýahuda halkyny sürgün edenlerinde, siz olar barada: ‘Pah-pah! Ne ajap!’ diýşip begendiňiz. Şonuň üçin, ine, Men sizi mülk hökmünde gündogar halklarynyň eline bererin. Olar düşelgelerini siziň araňyzda gurarlar, çadyrlaryny sizde dikerler, olar siziň miweleriňizi iýerler, süýdüňizi içerler. Raba galasyny düýeleriň örüsine we Ammon ýurduny dowarlaryň ýatagyna öwrerin. Onsoň siz Meniň Rebdigimi bilersiňiz“». Reb şeýle diýýär: «Men ammonlary günä üstüne günä edendikleri üçin jezasyz galdyrmaryn. Çünki olar öz çäklerini giňeltmek üçin Gilgadyň göwreli aýallarynyň garnyny ýardylar. Söweş günündäki galmagaldan ýaňa, harasat günündäki tüweleý içinde Rabanyň diwaryna ot salaryn, ot galalaryny ýakyp kül eder. Emeldarlary bilen birlikde ammon şasy sürgün ediler». Muny Reb aýdýandyr.
Выбор основного перевода