Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Göklerde oturan Taňry olaryň üstünden gülýär hem-de olary masgaralaýar. Men-parasat betbagtlygyňyza gülýändirin; sizi gorky basanda ýaňsylaryn. Gazabymy olaryň üstüne döküp, gaharym ýatyşandan soň, Men köşeşerin. Olara gahar-gazabymy dökenimde, olar Men-Rebbiň gabanjaňlyk bilen gepländigimi bilerler. Ýurduň ähli agaçlary belent agajy peseldýäniň, pes agajy beýgeldýäniň, ýaşyl agajy guradýanyň, guran agajy gögerdýäniň Meniň Rebdigimi bilerler. Muny Men-Reb aýdýandyryn, amala-da aşyraryn». «Eý, ynsan ogly, pygamberlik et we eliňi çarp. Goý, gylyç iki, hatda üç gezek çapsyn. Bu öldürýän gylyçdyr, köp sanly ynsanlary gyran, olary her ýandan gurşan gylyçdyr. Ine, eden haram gazanjyň we öz içiňde döken ganyň üçin Men elimi elime uraryn.
Выбор основного перевода