Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Uzakdakylar mergiden ölerler; ýakyndakylar gylyçdan heläk bolarlar we galyp-gaçyp aman galanlar bolsa açlykdan ölerler. Men olara bolan gazabymy şeýle tamamlaryn. Ine, siziň soňuňyz geldi! Men siziň üstüňizden gazabymy indererin. Öz tutan ýollaryňyza laýyklykda üstüňizden höküm çykararyn, ähli nejis işleriňizi öz başyňyza getirerin. Ýöne olar Meniň garşyma gozgalaň turuzdylar, Meni diňlemek islemediler; olaryň hiç biri gözlerine ýakymly görünýän nejis zatlaryny taşlamady, Müsür butlaryny-da terk etmedi. Onsoň Men gahar-gazabymy Müsürde olaryň başyndan inderjekdigimi aýtdym. Ýöne perzentler Meniň garşyma gozgalaň turuzdylar; Meniň parzlarymy doly berjaý etmediler, bulary ýerine ýetiren adam aman galsa-da, hökümlerimi ret etdiler, mukaddes Sabat günümiň kanunlaryny harladylar. Onsoň Men çölde gahar-gazabymy başlaryndan inderip, olary ýok etjekdigimi aýtdym. Şonuň üçin hem Men olaryň üstlerine gazabymy dökdüm, gahar odum bilen olary ýakyp ýok etdim. Eden işlerini öz başlaryndan inderdim». Muny Hökmürowan Reb diýýär.
Выбор основного перевода