Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Halkyň-da, ruhanyň-da, guluň-da, hojaýynyň-da, gyrnagyň-da, bikäniň-de, satyn alýanyň-da, satýanyň-da, bergidaryň-da, algydaryň-da, karzdaryň-da, karz bereniň-de takdyry birdir. Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Betbagtlyk! Ine, öň görlüp-eşidilmedik betbagtlyk gelýär! Soňuňyz geldi; hawa, soňuňyz geldi! Ol siziň garşyňyza oýandy; ine, gelýär! Nobat size ýetdi, eý, ýurduň ilaty! Wagt geldi, ol gün ýakynlaşdy. Daglarda şowhunly baýramçylyk deregine howsala güni geldi. Ine, ol gün! Ine, ol gün ýetip gelýär! Nobatyňyz ýetdi, taýak gunçalady, tekepbirlik gülledi. Surnaý çalyndy, ähli zat taýýar; ýöne hiç kim söweşe gitmeýär, çünki gazabym ähli jemagatyň üstündedir. Eý, doganlar, men size şuny hem aýtmakçy: bellenilen wagt juda golaýlandyr. Şoňa görä-de, maşgalasy bolanlar edil maşgalasy ýok adamlar ýaly bolsun. Aglaýanlar aglamaýanlar ýaly, şatlanýanlar şatlanmaýanlar ýaly, emläk edinýänler edil emlägi bolmadyklar ýaly ýaşasyn.
Выбор основного перевода