Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Açgözlükden kalplary rahatlyk tapmaz, arzyly zatlary olary halas etmez. Erbetlik bilen gazanylan baýlygyň peýdasy ýokdur, dogrulyk bolsa ölümden halas edýändir. Onsoň kümüş bilen örtülen butlaryňyzy, altyna gaplanan heýkelleriňizi haram saýarsyňyz; olary haram esgi hökmünde taşlarsyňyz, siz olara: «Güm boluň!» diýersiňiz. Rebbiň gününde ysraýyl halkynyň söweşde berk durmagy üçin, diwaryň opurylan ýerlerini täzeden bejermediňiz. «Eý, ynsan ogly! Bu adamlaryň ýüregi butlara baglandy. Günä edip, büdreme daşyny öz öňlerinde goýdular. Heý, şundan soň hem Men bulara Özüme maslahat saldyrarynmy? Şonuň üçin hem olar bilen gepleş-de, Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Ýüregini butlara baglan, etmişlerini büdreme daşy hökmünde öz öňünde goýan, soň hem pygamberiň ýanyna baran her bir ysraýylla, Men-Reb butlarynyň köplügine laýyklykda Özüm jogap bererin. Rebbiň gazaply gününde, altyn-kümüşleri halas edip bilmez olary. Rebbiň gabanjaňlyk odunda bütin dünýä ýanyp kül bolar, çünki Reb ýer ýüzünde ýaşaýanlaryň baryny gyryp ýok eder. sebäbi pul höwesi ähli bela-beteriň körügidir. Käbir adamlar onuň yşkyna düşüp, imandan azaşdylar, özlerini köp görgülere sezewar etdiler.
Выбор основного перевода