Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Çeşmeden suw nähili joşýan bolsa, bu şäherden-de pislik şeýle joşýandyr. Içinde eşidilýär zorluk hem zulum, hassalyk hem ýaralar bar görýänim. Çünki Reb şeýle diýýär: „Ýas tutulýan öýe girme, matam tutmak, aglamak üçin gitme. Çünki Men bu halkdan sag-salamatlygymy, söýgimi we rehim-şepagatymy aýyrdym. Muny Reb aýdýandyr. Bu ýurtda uludan-kiçä hemmeler öler. Olary jaýlamazlar, hiç kim olar üçin ýas tutmaz, öz bedenini ýaralamaz ýa-da saçyny syrmaz. «Eý, ynsan ogly! Ine, Men gözleriňe iň gymmatly bolan kişini bir zarbada senden alaryn, ýöne sen zeýrenme, aglama, gözýaş dökme. „Siz-de meniň edişim ýaly edersiňiz; sakgalyňyzy örtmersiňiz we ýas çöregini iýmersiňiz.
Выбор основного перевода