Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Soňra Ol meniň gulagyma gaty ses bilen: «Şäheri jezalandyrjak bolýanlaryň her biri eline gyrýan ýaragyny alyp, golaýa gelsin» diýip gygyrdy. «Ysraýyl halkyna Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Men güýjüňiziň buýsanjy, gözüňiziň arzuwlaýany, janyňyzyň mähremi bolan mukaddes öýümi harlatmakçy. Galdyryp gaýdan ogul-gyzlaryňyz gylyçdan ölerler“. Milletler ysraýyl halkynyň Maňa dönüklik edendigi üçin, öz ýazygy sebäpli ýesir edip äkidilendigini bilerler. Men ýüzümi olardan gizledim, olary duşmanlarynyň eline berdim, ählisi gylyçdan heläk boldular. Olara öz haramlyklaryna we günälerine laýyk jeza berdim; ýüzümi olardan gizledim».
Выбор основного перевода