Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ýatla Sen gadymdan Özüň üçin saýlan halkyňy – Özüňe taýpa edinmek üçin azat edenleriňi, ýatla Sen mesgen tutunan Sion dagyňy. Müdimi harabalyklara howluk-da, sal Sen nazary – duşman weýran etdi mukaddes öýüňdäki ähli zatlary. Ybadat öýünde duşmanlaryň arlap gygyrdy, olar nyşanlaryny şol ýerde dikdi. Olar göýä gür agaçlyga paltalary aýlap salýan kişiniň keşbindediler. Indi bolsa ähli haşamlaryny bir pursadyň içinde palta, çekiç bilen parçaladylar. Mukaddes öýüňi oda ýakdylar, Seniň mesgeniňi haramladylar, ony ýer bilen ýegsan etdiler. Öz-özlerine şeýle diýdiler: «Olaryň baryny tabyn edeliň». Hudaýyň ýurdundaky ähli ybadat öýlerini oda berdiler. Ýurduňyz harabalyk, şäherleriňiz oda ýanan; kesekiler gözüňiziň alnynda ýurduňyzy ýalmaýarlar, ony haraba öwürýärler. Olar öýleridir mellekleri bilen aýallary berler başgalara, Men elimi galdyraryn bu ýurduň ilatyna». Muny Reb aýdýandyr. Onuň güýjüni özgeler iýýär. Parhyna barmady. Saçyna çal sepildi. Muny bilmeýär.
Выбор основного перевода