Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Dat günüňe, Aşur! Ol gaharymyň hasasydyr! Elindäki taýagydyr gazabym! Nobat size ýetdi, eý, ýurduň ilaty! Wagt geldi, ol gün ýakynlaşdy. Daglarda şowhunly baýramçylyk deregine howsala güni geldi. Sionda surnaý çalyň, Meniň mukaddes dagymda howpuň abanýandygyny duýduryň. Goý, ýurduň tutuş ilaty gorkudan sandyrasyn, çünki Rebbiň güni ýetip gelýär – garaňkylyk hem-de zulmat güni ol. Bulutly hem tüm garaňky gündür ol. Köp sanly hem güýçli bir leşger, daglara ýaýraýar daň şapagy deý. Owaldan bäri onuň deňi-taýy bolmandy, soňky nesillerden hem ol deýin bolmaz.
Выбор основного перевода