Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Başlaryna belalar indererin, oklarymy olara garşy ataryn. Onsoň Rehabgam patyşa kakasy Süleýmanyň diri mahalynda onuň hyzmatynda duran ýaşulular bilen geňeşip, olardan: «Bu halka nähili jogap bermegi maňa maslahat berýärsiňiz?» diýip sorady. Biz görmeýäris gudratly alamatlary, indi hiç bir pygamber hem ýok; haçana çenli şeýle boljagyny bilýän aramyzda ýok. Muňa görä Men ýene bu halkyň arasynda gudratlar, gudrat üstüne gudrat görkezerin. Danalary danalykdan mahrum bolar, akyllylary akyldan aýrylar». Betbagtlyk üstüne betbagtlyk geldi, tutuş ýurt wes-weýran boldy, ýok boldy birdenkä çadyrlarym, bir demde perdelerim. Sürgünde bolýan wagtymyzyň ýedinji ýylynyň bäşinji aýynyň onuna Ysraýyl ýaşulularyndan birnäçesi Rebden maslahat soramak üçin gelip, meniň garşymda oturdy. «Eý, ynsan ogly! Ysraýyl ýaşululary bilen gepleş we olara Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Siz Menden maslahat soramaga geldiňizmi? Öz barlygymdan ant içýärin, Men size Özüme maslahat saldyrtmaryn. Muny Hökmürowan Reb diýýär. Ruhanynyň sözleri bilimi goramalydyr. Ol Hökmürowan Rebbiň wekilidir, ynsanlar onuň agzyndan öwüt-ündew gözlemelidir.
Выбор основного перевода