Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Munuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Barlygymdan ant içýärin, ähli ýigrenji zatlaryňyz we nejis işleriňiz bilen mukaddes öýümi murdar edendigiňiz üçin, Men-de sizi gylyç bilen gyryp taşlaryn; gözüm gaýgyrmaz we haýpym gelmez. Adamlaryňyz ähli ýerde öldüriler, şonda siz Meniň Rebdigimi bilersiňiz. Munuň üçin Men-de gahar-gazap bilen hereket ederin, gözüm gaýgyrmaz, haýpym gelmez. Gaty ses bilen gulagyma gygyrsalar-da, olary diňlemerin». Munuň üçin Meniň hem gözüm gaýgyrmaz, haýpym gelmez, eden işlerini öz başlaryndan indererin» diýdi. Emma ýürekleri ýigrenji we nejis zatlaryň yzyna eýeren adamlary jezalandyraryn, olaryň eden işlerini öz başlaryndan indererin». Muny Hökmürowan Reb diýýär. Şonuň üçin hem Men olaryň üstlerine gazabymy dökdüm, gahar odum bilen olary ýakyp ýok etdim. Eden işlerini öz başlaryndan inderdim». Muny Hökmürowan Reb diýýär.
Выбор основного перевода