Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Gorky bilen galpyldy üstüme indi, meni aýylganç gorky gaplady. Dibon halky aglamak üçin ybadathana, seždegählere çykýar; Mowap halky Nebo, Meýdeba üçin perýat edýär. Her kesiň başy takyrlanýar, her kesiň sakgaly syrylýar. Köçelerinde jul geýinýärler, üçeklerde, meýdançalarda her kes perýat edýär, zar-zar aglaşýar. Her kimiň saç-sakgaly syryldy; ähli eller ýaralanan we ähli billere jul oralan. Seniň üçin saçlaryny syryp, jul geýnerler, janhowluna hasrat bilen zar-zar aglap, dady-perýat ederler. Men siziň baýramyňyzy ýasa, aýdymlaryňyzy ahy-nala öwrerin. Her bile jul guşagyny guşadaryn, her başyň saçyny syrdyraryn. Şol güni ýalňyz ogluň ýas güni kimin ederin, onuň soňuny ajylyk bilen gutararyn».
Выбор основного перевода