Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Indi Men gazabymy basym üstüňize dökerin, size bolan gaharymy tamamlaryn. Öz tutan ýollaryňyza laýyklykda höküm çykararyn, ähli nejis işleriňizi öz başyňyza getirerin. Araňyzda nejis işler edýändigiňiz üçin, öz tutan ýollaryňyza görä jezalandyraryn. Gözüm gaýgyrmaz, haýpym gelmez. Şonda özüňizi jezalandyranyň Men-Rebdigimi bilersiňiz. Patyşa ýas tutar, hökümdary aljyraňňylyk gaplar, ýurduň halkynyň gorkudan elleri titrär. Men olaryň tutan ýollaryna görä hasaplaşaryn, öz hökümlerine laýyklykda höküm çykararyn. Onsoň olar Meniň Rebdigimi bilerler». Munuň üçin, eý, ysraýyl halky, Men siziň her biriňizi öz tutan ýoluňyza görä höküm etjek. Muny Hökmürowan Reb diýýär. Toba edip, ähli jenaýatlaryňyzdan el çekiň, şondan soň olar size günä etdirýän büdreme daşy bolmaz.
Выбор основного перевода