Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Hudaýyňyz Rebbiň bu günki meniň üstüm bilen size berýän buýruklaryna boýun egip, olary yhlas bilen ýerine ýetirseňiz, Reb sizi aýakda däl-de, başda goýar. Wah, gelsedi Siondan Ysraýyl ýeňşi! Reb halka öňki abadançylygyny gaýtaryp berende, Ýakup nesli begener, Ysraýyl hem şatlanar. Öz halkyňy halas et, saýlan halkyňa pata ber, olara çopançylyk et, mydama olary eliňde göter! Ýa Reb, ýalbarýarys, halas et bizi, Ýa Reb, ýalbarýarys, ber üstünligi. Ahyrky günlerde şeýle bolýar: Rebbiň öýi daglaryň iň beýigi deý berkarar ediler, depelerden belent bolar ol, ähli milletler oňa tarap eňerler. Eý, Sion halky, heşelle kak, gygyr! Araňyzdaky Ysraýylyň Mukaddesi beýikdir!» Ýahuda nesilleriniň gutulyp aman galanlary ýene-de aşakda kök urup, ýokarda miwe bererler. Olaryň nesilleri milletleriň arasynda, zürýatlary halklaryň arasynda tanalar, görenleriň ählisi olaryň Rebbiň ýalkan halkydygyny bilerler». Ýaratjak zatlaryma şatlanyp, baky begeniň; Ine, Men Iýerusalimi şatlyk üçin, halkyny-da begenç üçin ýaratjak.
Выбор основного перевода